JEMGYÝET

Türkmenistanyň we San-Marinonyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer