DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtadylar we ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns çekdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler