DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Moskwa bilen Aşgabat güýzde geçiriljek Russiýa-Merkezi Aziýa sammitine işjeň taýýarlanýar. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýada iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Russiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy “Halkara arenasyndaky garaýyşlarymyz ýakyn, köp babatda gabat gelýär, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek babatda işler alnyp barylýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli işleşýäris we oktýabr aýynda Täjigistanda GDA sammitiniň çäginde ikinji Merkezi Aziýa we Russiýa sammitini geçirmegi meýilleşdirýäris” – diýip belledi.

Sergeý Lawrow türkmen kärdeşi bilen Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine hem garalandygyny aýdyp, bu babatda Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejede we daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyklary geçirmek babatda pikir alşandyklaryny mälim etdi.

Rus ministri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde hem işjeň ösdürilip, her iki ýurduň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Ilkinji Russiýa-Merkezi Aziýa sammiti 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Astana şäherinde geçirilipdi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky duşuşyklar yzygiderli alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji iýunynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanda saparda bolupdy we şol saparda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri