Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Ham Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Wekiliýetiň düzüminde Dag-magdan we senagaty we nebit ministrliginiň, “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň hem-de Demirýol müdirliginiň wekilleri bar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly köp sanly meselä garadylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we aragatnaşyk halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýlara syn berildi.

Bu nukdaýnazardan taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ýokary woltly elektrik geçiriji taslamalarynyň, şeýle hem Türkmenistandan Owganustan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy barada taslamalaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýarlyk derejesi bellendi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak mümkinçiligini giňeltmek meselelerine garadylar.
Taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
