Şu gün Türkmenstanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Hytaýda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
“Dýaoýuýtaý” döwlet öýünde geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Hytaýyň daşary işler ministri Hytaýyň Türkmenistanyň Prezidentiniň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin Hytaýa amala aşyrýan iş saparyna uly ähmiýet berýändigini belledi. Wan I Hytaýyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň duşuşygynyň ähmiýetini belläp, bu duşuşygyň köp wagtdan soňra ilkinji ýüzbe ýüz duşuşygynyň boljakdygyny belledi. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bu duşuşyga möhüm orun degişlidigini mälim etdi.
Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz ýurdunyň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirilmegi babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny, hususan-da, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda energetika, uzakmöhletleýin we durnukly ösüş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny belledi.
Daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Hytaýyň halkyny däp bolan baýramçylygy – Bahar baýramy hem-de gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen gutlady.
“Türkmenistan Hytaýyň ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen ýokary depgine eýe boldy” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi. Hytaý tarapyna pandemiýa garşy göreşmekde beren goldawy üçin minnetdarlyk bilen türkmen tarapy energetika we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýardygyny mälim etdi.
Taraplar iki ýurduň Hökümetiň arasynda gazanylan 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini ilerletmek, “Bir guşak – bir ýol” bilen “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” başlangyçlarynyň arasyndaky baglanyşygy berkitmek we tebigy gaz, lukmançylyk kömegi, ulag we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar.
Şeýle hem taraplar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Wan I birnäçe gün ozal Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideo sammitiniň üstünlikli geçirilendigini aýtdy.
Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary owgan meselesi barada pikir alyşdylar. Hytaý Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň üçünji ýygnagyny geçirmegi, owgan meselesi boýunça utgaşdyrmagy dowam etdirmegi we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin bilelikde işlemegi teklip edýär.