DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Ermenistanyň parlament wekilleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny, bu ugurda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlaryny we duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy