Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş çap etdi. Şoňa laýyklykda, mundan soňra konsullyk hyzmatlary üçin üçin öňünden ýazylmak ýa-da nobat almak zerurlygy bardyr.
Bu barada ýaýradylan bildirişde şeýle diýilýär:
- 01.01.2024 senesinden başlap, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutmak üçin ilçihananyň https://turkey.tmembassy.gov.tm/ web saýtynda Kabul edilişige ýazylmalydygyňyzy habar berýäris.
Ilçihananyň web saýtynda “Kabul edilişige ýazylmak” bölümi açyldy. Şol ýere girip, haýsy hyzmatdan peýdalanmak isleýändigiňizi görkezmegiňiz zerurdyr.
Şeýle hem bu bölümde käbir möhüm bellikler hem bolup, onda şeýle diýilýär:
- Duşuşyk üçin özüňize iň amatly boljak we anyk gelip biljek wagtyňyzy saýlaň.
- Duşuşyga 15-20 minut öňünden geliň.
- Duşuşyk wagtynyň çäkli bolanlygy sebäpli, gijä galan ýagdaýyňyzda nobatyňyz sizden soňky gelen kişä geçiriljekdir.
- Duşuşyga geleniňizde şahsyňyzy subut etjek döwlet pasportyňyzy getiriň.
