JEMGYÝET

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan bildiriş!!!

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş çap etdi. Şoňa laýyklykda, mundan soňra konsullyk hyzmatlary üçin üçin öňünden ýazylmak ýa-da nobat almak zerurlygy bardyr.

Bu barada ýaýradylan bildirişde şeýle diýilýär:

  • 01.01.2024 senesinden başlap, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine ýüz tutmak üçin ilçihananyň https://turkey.tmembassy.gov.tm/ web saýtynda Kabul edilişige ýazylmalydygyňyzy habar berýäris.

Ilçihananyň web saýtynda “Kabul edilişige ýazylmak” bölümi açyldy. Şol ýere girip, haýsy hyzmatdan peýdalanmak isleýändigiňizi görkezmegiňiz zerurdyr.

Şeýle hem bu bölümde käbir möhüm bellikler hem bolup, onda şeýle diýilýär:

  • Duşuşyk üçin özüňize iň amatly boljak we anyk gelip biljek wagtyňyzy saýlaň.
  • Duşuşyga 15-20 minut öňünden geliň.
  • Duşuşyk wagtynyň çäkli bolanlygy sebäpli, gijä galan ýagdaýyňyzda nobatyňyz sizden soňky gelen kişä geçiriljekdir.
  • Duşuşyga geleniňizde şahsyňyzy subut etjek döwlet pasportyňyzy getiriň.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi