JEMGYÝET

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti – Serdar Berdimuhamedow

Şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň berýän maglumatyna görä, Serdar Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

Merkez saýlaw toparynyň ýaýradan maglumatyna görä, dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň 72,97 göterimini alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň saýlawçylary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döredilen 2 618 saýlaw uçastogynda mynasyp dalaşgäre öz seslerini berdiler. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde saýlawlar baradaky habarlary 4 dilde, ýagny ene dilimizde, şeýle hem Türk, Rus we Iňlis dillerinde okyjylaryna ýetirip gelýäris.

9 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawyň netijeleri boýunça, Serdar Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ TERJIMEHALY

1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doglan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1997-2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okady we ony inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.

Serdar Berdimuhamedow halkara gatnaşyklary hem-de halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça bilim aldy. Ol 2008- 2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şeýle hem 2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady.

Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň dürli ugurlarynda ýokary wezipeli ýolbaşçylyk işlerinde zähmet çeken Serdar Berdimuhamedow 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.

Ol 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işledi. Soňra Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary hem-de Ahal welaýatynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinde işlän Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça) wezipesinde işläp gelýärdi.

Serdar Berdimuhamedow üç dilde — döwlet dilinde, iňlis hem-de rus dillerinde erkin gürläp bilýär. Maşgalaly, dört çagasy bar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň terjimehaly

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (43-sany)

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri