SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

WIZA MAGLUMATLARY!!!

2024-nji ýylyň 16-njy dekabryndan başlap wiza ýüz tutmak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna! Bu barada Türkiýäniň ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär. 

1. Türkiýä syýahatçylyk maksady bilen gidip Türkiýede 90 günden köp bolmagy maksat edinýän bolsaňyz, Syýahatçylyk wizasy ýa-da Sapar/Ýörite wiza “Yaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak görnüşli wiza ” ýüzleniň.

2. Yaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak görnüşli wizanyň berilmegi halatynda Tüirkiýä girenden soň wizaňyzyň möhleti dolmazdan “e-ikamet.goc.gov.tr” salgysy arkaly syýahatçylyk görnüşli gysga möhletli ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmagyňyz zerurdyr.

3. Syýahatçylyk maksady bilen gidip, 90 günden az wagt syýahat etmek isleýän bolsaňyz umumy düzgünlere laýyklykda wiza ýüz tutuň. Umumy düzgünler esasynda alýan wizaňyz Türkiýede syýahatçylyk boýunça gysga möhletli ýaşamak üçin rugsatnama almagyňyzy üpjün etmeýär. Wiza möhletiňiz gutarandan soň Türkiýeden çykmaly bolarsyňyz.

4. Wiza: Türkiýede her 180 (ýüz segsen) günde iň köp 90 (togsan) gün galmaklyk hukugy berýär. Agzalan düzgüne laýyklykda serhet geçelgelerinden yzyňyza dolandyrylyp bilinjekdigiňizi göz öňünde tutuň.

5. Türkiýede kanuny taýdan / resmi işlemek hukugy almagyňyz üçin işlemek üçin rugsatnama tertip-düzgünine göra ýüz tutmagyňyz we zerur maksatlary almagyňyz zerurdyr. Yaşamak üçin rugsatnama ýüz tutmak wizasy işlemek hukugyny berenok. Türkiýede bolanyňyzda ýeterlik we yzygiderli girdejiňiz bolmalydyr. Islendik wagt ýagdaýyňyzy tassyklaýan maglumat we resminamalara eýe boluň.

6. Wizaňyzyň kanuny dowamlylygy tamamlanandan soň, Türkiýeden çykmazlyk ýa-da ýaşamak üçin rugsatnama haýyşyňyzyň ret edilmegi ýa-da ýaşamak üçin rugsatnamanyň ýatyrylmagy deportasiýa sebäpleriniň biridir. Şuňa laýyklykda zerur duýgurlylygy görkeziň.

7. Ýokardaky amallar we duýduryşlar diňe bir kanunçylyk bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt raýatlaryň peýdasyna syýahat we ýaşaýyş düzgünlerini meýilleşdirmek üçin hem talap edilýär.

 

MAHABAT:

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri