JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy Hytaýyň köp tiražly gazetlerinde çap edildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine bardy.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiň saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalasy Hytaýyň köp tiražly gazetlerinde çap edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan-Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly bilen” atly makalasy hytaýly okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu makala “Ženmin Žibao” gazetinde çap edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň öňüsyrasynda makalany çap etmek başlangyjy üçin hytaý gazetine özüniň minnetdarlygyny bildirip, köp millionly okyjylar toplumyna ýüzlenmek bilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy has-da içgin öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigini belledi.

– Ine, indi 30 ýyldan bäri Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy garaşsyz döwletler hökmünde özara gatnaşyklaryny ösdürýär. Taryhy ülňüler boýunça gysga bolan bu döwürde uzyn döredijilik ýoly geçildi. Netijeli syýasy, söwda, ykdysady we gumanitar gatnaşyklar ýola goýuldy. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ýola goýuldy. Hyzmatdaşlyk üçin berk kanuny esas döredildi” – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasynda bellenilip geçildi.

Şeýle hem makalada 2013-jnji ýylda Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Bilelikdäki jarnama, 2014-nji ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakyndaky Bilelikdäki jarnama, şeýle hem beýleki möhüm resminamalara gol çekilmegiň esasynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadygynyň döredilendigi bellenildi.

Geçen döwürlerde iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarda berk binýadynyň döredilendigi, “Merkezi Aziýa-Hytaý” formaty ýaly Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň sebitleýin ugurlarda hem berkidilýändigi bellenilýär.

Mundan başga-da, makalada Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda hem netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellenilip geçilýär.

– Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý hakyky dostlar, ygtybarly hyzmatdaşlar, öz döwletleriniň we tutuş adamzadyň ösüşiniň iň möhüm meselelerini çözmekde birmeňzeş pikirdäki döwletler. Bilelikde goýlan ähli wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýaryn” – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri