JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna sapary başlanýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary başlanýar. Bu barada Bahreýniň resmi habarlar gullugy habar berýär.

“BNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Bahreýn Patyşalygynyň köşgünden habar berildi.

Saparyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy Hamad ben Isa Al-Halifa bilen duşuşar. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Bahreýniň Patyşasy Hamad ben Isa Al-Halifa 2019-njy ýylyň martynda Türkmenistanda saparda bolupdy.

2019-njy ýylyň aprelinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2019-njy ýylda Bahreýndedäki halkara sergä gatnaşypdy.

2019-njy ýylyň noýarynda bilelikdäki türkmen-bahreýn işewürlik forumy geçirilipdi. 2022-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bahreýn Patyşalygynda saparda bolupdy.

Related posts

Eýnşteýniň üstünliginiň altyn syrlary

vepa

Türkmen aýdymçysy Çynaradan muşdaklaryna täze aýdym

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiziň kitaby türk dilinde neşir edildi

Leave a Comment