JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara hormat goýmak esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Biz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady