DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz ikiçäk duşuşyklary hem geçirer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köp ugurly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, oňyn sebit we ählumumy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge anyk goşant goşjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz ŞHG-niň sammiti barada aýtmek bilen, türkmen tarapynyň şeýle forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklayr pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde ertir, ýagny 17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý mejlisi geçiriler. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Päkistan ýaly sekiz sany hemişelik agzadan ybarat. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa bu guramanyň synçy agzalygyna eýe. Ermenistan, Azerbaýjan, Kamboja, Nepal, Şri-Lanka we Türkiýe 2008-nji ýyldan bäri dialog boýunça hyzmatdaşlary.

 

Eýranyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Azerbaýjan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Mali Awazadaky forumy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar