JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «ŞHG+» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

Şu günler Hytaý Halk Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Onuň çäginde günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Munuň özi guramanyň çäginde Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly hormatdan nyşandyr.

2024-2025-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý Halk Respublikasy başlyklyk edýär. «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» mowzugynda geçirilýän häzirki sammite 20-den gowrak ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşýarlar.

«ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

«ŞHG+» formatyndaky duşuşyga Azerbaýjan, Ermenistan, Wýetnam, Müsür, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Maldiwler, Mongoliýa, Mýanma, Nepal, Türkiýe ýaly döwletler bilen bir hatarda BMG, ASEAN, YHG, GDA, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky ýaly iri halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi