Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Týanszin şäheriniň halkara howa menziline gelip gondy.
Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Agşam hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we onuň maşgalasy tarapyndan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň hormatyna beriljek agşamlyk naharyna myhman hökmünde gatnaşar. Ertir bolsa «Meýszýan» sergi we maslahatlar merkezinde ŞHG-ä agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu gurama öz taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdýar. Oňa agza ýurtlar (Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Belarus) häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar. ŞHG ýurtlarynyň ählisi-de Türkmenistanyň ýakyn goňşulary we dostlary, öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Şoňa görä, doly hukukly agzasy bolmasa-da, Türkmenistan bu guramanyň sammitlerine yzygiderli gatnaşýar.
Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý başlyklyk edýär we ol «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» şygary astynda geçýär. Asman astyndaky ýurtda bu guramanyň ugry boýunça indi 5-nji gezek geçirilýän ýokary derejeli duşuşyga 20-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň 10-synyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.