JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti serkerdeleriň hünär taýýarlygyny güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýewiň ünsüni serkerdeleriň hünär taýýarlygyny güýçlendirmäge çekdi.

TDH-nyň habarynda hem nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary hünär okuw mekdeplerinde serkerdeleriň hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini hem-de sport ýaryşlaryny guramak barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanda harby serkerdeleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Olardan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty we Harby deňiz instituty gönüden-göni Goranmak ministrliginiň garamagyndadyr. Şeýle hem ýurtda iki sany harby mekdebiň hem hereket edýändigini aýtmak gerek.

Ministrligiň Merkezi goşun sport klubynyň harby türgenleri bolsa ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öňdebaryjylaryň hatarynda. Ýurdumyza belli, halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýän türgenlerimiziň aglabasy harby gullugyny şu klubda geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi