DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Dünýäde ygtybarly hasaplanylýan türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysy bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara giňişlikde iş alyp barýan işewür toparlaryň milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistana gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny belläp, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda türk kompaniýalarynyň, şol sanda “Polimeksiň” netijeli iş alyp baryp, durmuş we senagat maksatly köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Ygtybarly we jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen “Polimeks” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga çemeleşmesine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň öz ösüşinde belli daşary ýurt kompaniýalarynyň täzeçil işläp taýýarlamalaryny çekmegi esasy ugur edinýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk