JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Owganystan boýunça möhüm taslamalaryň dabaralarynyň şaýady bolarys

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy (TIF-2024) dabaraly ýagdaýda başlady. Onuň işine “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisiniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maýa goýum forunynyň gatnaşyjylaryna wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz ertir, ýagny 11-nji sentýabrda Owganystan boýunça möhüm taslamalaryň dabaralaryna gatnaşyljakdygyny aýtdy.

– Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň esasy tapgyry bolan “Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň”, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň şaýady bolarys – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

 

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy