DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti: koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan ýüz öwürmek zerurdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Bu halkara forumda sanly ulgam çykyş eden milli Liderimiz koronawirus pandemiýasyna garşy göreş meselesi babatda hem durup geçdi.

Milli Liderimiz hususan-da bu barada şeýle diýdi:

– Häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar. Gynansak-da, ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerek.

Biz dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyna ynanýarys. Koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ozal beýan eden başlangyçlaryny anyklaşdyrdy. Biz, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda koronawirusyň tebigy gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ulgamlaýyn işe girişmegi, bu ýokanjyň döredýän kesellerini bejermek we onuň öňüni almak meseleleriniň üstünde maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy teklip edýäris. Şu we beýleki halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, biz sebitleýin hem-de ikitaraplaýyn esasda degişli taslamalary amala aşyrmaga uly üns berýäris.

 

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumda çykyş etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy