JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Mundan başga-da, sebit derejesinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu taryhy senäniň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belläp, Prezident Li Çže Mýony halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri