Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürilmegi ugrunda giň tagallalar ediljekdigini belledi.
– Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçileriň uly paýy bardyr. Biz geljekde-de kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris – diýip, bellän hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmek, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işleri alyp barýarys. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris, diýip bellän döwlet Baştutanymyz şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň toplumyny ulanmaga beriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini belläp, häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýändigini aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutulýandygyny belläp geçdi.