JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde giňeldilen düzümde hem-de ikiçäk görnüşde ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi.

Kataryň Emiriniň köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigi nygtalyp, türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebit we halkara meýdançalarda birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi barada aýdylyp, ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Agzalan ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler türkmen-katar gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriniň barşynda bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-katar gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikiçäk görnüşdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri