Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.
HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýe. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär. Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.