JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda Ýeňşiň 80 ýyllygy bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherinde Ýeňşiň 80 ýyllygy bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.

Pekin şäheriniň Tananmen meýdanynda Ikinji dünýä urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimizi we hem-de dabara gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylaryny Týananmen meýdanynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy Pen Liýuan mähirli garşylady.

Soňra bu meýdanda dabaraly harby ýöriş geçirildi. Dabara 70 minut dowam etdi. Şol döwürde Hytaýyň milli goşun gulluklary dünýä derejesindäki tehnologiýalar we mümkinçilikler bilen enjamlaşdyrylan täze harby enjamlaryny görkezdi. Çärelerde söweş tanklarynyň täze görnüşleri, harby uçarlar, söweş uçarlary we strategiki raketalar görkezildi. Şeýle hem dabarada uçarmansyz uçarlar hem-de tehnikalar görkezildi.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra myhmanlar Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardylar. Bu ýerde Ýeňşiň 80 ýyllygy bagyşlanan kabul edişlik çäräsi guraldy.

MÄlim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Hytaýa saparynyň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri