JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň, Pakistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanlary halkara forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda wajyp ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Belent mertebeli myhmanyň Eýranyň täze saýlanan Prezidenti hökmünde Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Açyklyk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleler, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ermenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda Prezident Waagn Haçaturýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi