Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.