Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny Manama şäherinde ýerleşýän Bahreýniň Milli muzeýine baryp görmek bilen jemledi. Ol tutuş ýurtda we Pars aýlagynda iň gadymy muzeýleriň biri hasaplanýar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz muzeýiň gadymy Dilmun siwilizasiýasyna degişli arheologik tapyndylary özünde jemleýän eksponatlary, şeýle-de Bahreýniň halkynyň däp-dessurlaryny, medeni durmuşyny açyp görkezýän taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz muzeýiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
1988-nji ýylyň dekabrynda açylan Milli muzeý Bahreýniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar. Umumy meýdany 27800 inedördül metre ýetýän özboluşly arhitektura toplumy binalaryň ikisinden ybarat bolup, onuň golaýynda Bahreýniň Milli teatry ýerleşýär. Muzeýiň girelgesinde myhmanlary ýurduň interaktiw kartasy garşylaýar. Bu ýerde döwletiň 5 müň ýyla uzaýan taryhyny öz içine alýan gadymy arheologik eserleriň baý toplumy jemlenendir.
Muzeýe gelýänler Bahreýniň taryhy-medeni, tebigy mirasy, şol sanda ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen hem tanşyp bilýärler. Bu ýerde 1993-nji ýylda ýurduň tebigy gurşawynyň aýratynlyklaryny açyp görkezýän goşmaça bölüm açyldy. Keramatly Gurhanyň gadymy golýazmalarynyň ýygyndysy, Wawilon döwrüne degişli Dýuran daşlary — gara reňkli bazalt daşyndan ýasalan heýkeller bolsa muzeýiň esasy gymmatlyklary hasaplanýar.
Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýne saparynyň medeni maksatnamasynyň çäginde «Safiriýýa» köşgüniň atçylyk sport meýdançasynda arap atlaryny synlandygyny hem aýtmak gerek.
