JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşiniň baş dolandyryş binasyna baryp, onuň alyp barýan işleri bilen tanyşlykdan başlady. Bu edara 2000-nji ýylda ýurtda halkara maýa goýumlary höweslendirmek maksady bilen döredildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

Ykdysady ösüş geňeşiniň baş dolandyryş binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň resmi wekilleri hem-de geňeşiň beýleki ýolbaşçylary garşyladylar. Bu ýerde ýöriteleşdirilen düzümiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan wideorolik görkezildi. Degişli wekiller Bahreýnde amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary, geňeşiň iş ugurlary barada gürrüň berdiler.

Ýeri gelende bellesek, Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi ýurda maýadarlary çekmäge jogapkärçiligi öz üstüne alýan maýa goýumlary höweslendirmek boýunça agentlik bolup, ol işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldaýar. Geňeş Hökümet hem-de geljegi uly maýadarlar bilen işleşip, maýa goýum ýagdaýynyň özüne çekijiligini gazanmak ugrunda tagalla edýär. Esasy artykmaçlyklary, maýa goýumlaryň hasabyna ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri öwrenmek we habar bermek onuň işiniň özenini düzýär. Şunda, esasan, maliýe hyzmatlary, önümçilik, IT tehnologiýalar, syýahatçylyk, logistika, ulag ýaly ulgamlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri