JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün — 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Atçylyk toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň başynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ähli atşynaslaryň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri hem-de olaryň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra bu ýerde bedew muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Köp sanly janköýerler arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Bir sagat çemesi dowam eden gözden geçiriliş tamamlanandan soň, bedewleriň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de olaryň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar