DÜNÝÄ

Türkmenistanyň medeniýet ministri Türkiýede saparda bolar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Türkiýe Respublikasynda saparda bolar. Türkmenistanyň ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler duşuşygyna gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylda Türkiýäniň Erzurum şäheri guramanyň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilipdi.

Şunuň bilen baglylykda, gurama agza döwletleriň ministrleriniň nobatdaky duşuşygy Erzurum şäherinde geçiriler. 25-26-njy aprel aralygynda geçiriljek duşuşykda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine girýän döwletlerň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Owganystanyň Hyrat welaýatynda ynsanperwerlik çäresi geçirildi

Ýewropanyň iň beýik depesi “Mont Blank”  peselýär

Dubaýda dünýäniň iň belent myhmanhanasy gurulýar

vepa