BIZNES

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF) we sergisi

Forum – daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe guramalaryny we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalary duşuşdyrýan platformadyr. Bu forum, Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksada meýilleşdirilendir.

Şeýle hem, forumyň esasy maksady, ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, ýurdymyzyň we daşary ýurtly telekeçileriň hem-de maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir, sanly ulgamynyň ösüşine we sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.

   Sergi – milli ykdysadyýetiň – senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly dürli pudaklarynda döwrebap ösüşleri görkezjek interaktiw platformasy bolar. Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanyşyp bilerler.

      Çäreleriniň geçirilýän ýeri:

     Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly 143.

     Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry; Sagat: 09:00 – 18:00.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy