JEMGYÝET

Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezi açyldy

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli açylyş dabaralaryna giň gerim berildi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan ajaýyp binalar yzly-yzyna açylyp ulanmaga berilýär.

Ilkibaşda birbada 2 bankyň –  “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary, soňra Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabaralary boldy.

Şu gün bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýene-de paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Maslahatlar Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kabul Ediş Merkeziniň açylyş dabaralary boldy.

Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen bu iki merkez ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açýar. Sebäbi bu iki bina dürli derejedäki halkara maslahatlardyr simpoziumlar, kabul edişlikleri guramak üçin niýetlenilip guruldy. Onuň döwrebap binalar özünde köp sanly otaglary birleşdirip, ol ýerde köp sanly ýurduň wekiliýetlerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem bu merkezlerde daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleri, sammitleri geçirmek üçin hem ähli şertler bar.

“Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň guran bu merkezleriniň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň hem-de halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu açylyş dabarasynda myhmanlara merkeziň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow daşary ýurtly ilçilere hem-de myhmanlara merkezde döredilen mümkinçilikler barada maglumat berdi. Merkez boýunça guralan tanyşlykda ondaky otaglar we olaryň enjamlaşdyrylyşy, daşary ýurtly wekiliýetler üçin ediljek hyzmatlar barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Maslahatlar Merkeziniň birinji gatynda uly maslahat zaly ýerleşýär. Maslahat zalynyň umumy meýdany 5271 inedördül metre deňdir. Bu zal 1200 myhmana niýetlenendir. Bu zalyň dört burçunda uly led ekranlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bur ýerde 83 adama niýetlenilen garaşylýan otag bar.

Mundan başga-da, merkezde köp sanly otaglar, birnäçe maslahat zallary, kafeteriýa, dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar bar. Merkezde 182 orunlyk metbugat otagy hem-de gol çekmek üçin niýetlenen otaglar bar.

Türkmenistanyň Kabul Ediş Merkezinde bolsa 1000 orunlyk banket zaly hem-de ikiçäk duşuşyklar geçirmek üçin otaglar bar.

 

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi