BILIM

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar  gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2023—2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, türkmenistanyň ýaragly güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadyljak harby gullukçylary (esgerleri), edara-kärhanalarda  işleýän ýaşlary şu ýylyň 6-njy maýynda we 13-nji maýynda sagat 15:00-da  «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyň okuw binalary, barlaghanalary, kitaphanalary we institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy:

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby,

Senagat köçesiniň 51-nji jaýy,

habarlaşmak üçin telefon belgileri: 33-52-33, 39-26-20.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Türkmen döwlet maliýe instituty:“Açyk Gapylar 2023”

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi

2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna arza kabul edilýär

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady