MEDENIÝET

Türkmenistanyň iň güýçli adamy

Dawid Melkumow – Türkmenistanyň iň güýçli adamlaryň biri. Onuň güni türgenleşiklerden başlaýar. Her gün Dawid türgenleşik otagynda 2-3 sagat geçirýär. Dostlary we ýakynlary oňa “Polatly” lakamy berdiler. Ol kiçiliginden sport bilen meşgullanýar. Ýük göteriji kranlary we ýeňil awtoulaglary çekmäge boan gyzyklanma bolsa onda 2018-nji ýylda, ýagny, 27 ýaşynda döredi. Türkmen türgeniň hasabynda 20 tonnalyk awtobus bar. Ol bu ulagy 8 metr aralyga çekip süýşürdi.

Ol 38 tonnalyk ýük göteriji krany 8 metr aralyga çekip süýşürmäge başaran ilkinji adamdyr. 8 metr aralygy Melkumow 45 sekundyň içinde ýeňdi. Melkumow bu krany oturup, ýagny, «arm over arm» usuly ulanyp, tanap bilen süýşürdi. Bu usul uly göwrümli enjamlary süýşürmekde iň çylşyrymly hasaplanýar.

92 kg agramy bolan türgen 120 tonnalyk demir ýol ulagyny hem 2,7 metr aralyga süýşürmäge başardy. Ol Türkmenistanda şu görkezijini gazanan ilkinji adam boldy.

Güýçli türgeniň indiki maksady bolsa teplowoza ýene bir wagon goşup süýşürmekdir. Onuň arzuwy – Ginnesiň rekordlar kitabyna girmekdir.

Bu barada “turkmenistaninfo.gov.tm” saýty habar berýär.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy