DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary N.Silosaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Söhbetdeşler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ösmeginiň esasyny düzýän iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar 2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan resmi saparyny belläp geçdiler. Kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň duşuşygy yzygiderli gepleşikleri alyp barmak hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklamak üçin netijeli meýdança bolup durýandygy aýratyn nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara Dostluk toparynyň işiniň halkaryň arasyndaky özara düşünişmekdäki we konstruktiw hyzmatdaşlygy alyp barmakdaky netijeli gural bolup durýandygy we onuň orny barada aýdyldy.

Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has ösdürmäge hem-de berkitmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler