DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ÝB-niň wekiline tassyklanan resminamany gowşurdy

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bilelşiginiň Geňeşiniň baş sekretariatynyň hukuk gullugyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle hem onuň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanandygy hakyndaky teswirnamany resmi taýdan gowşurdy.

Bu ähtnama 2024-nji ýylyň 18-nji martynda gol çekilipdi.

Teswirnama Ýewropa Bileleşigine täze döwletleriň goşulýandygy göz öňünde tutulýar: Bolgariýam Çehiýa, Estoniýa, Horwatiýa, Kipr, Latwiýa, Litwa, Wengriýa, Malta, Polşa, Rumyniýa, Sloweinýa we Slowakiýa, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini esasy ädimi bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda bu teswirnama tassyklandy.

Ilçi Pälwanow resminamany gowşurmak dabarasynda ÝB-niň wekili bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary,  şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi bilen şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri