DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Natasha Pirs-Musara ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, Sloweniýanyň ýolbaşçysy oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi we iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda dostlukly we özara hormat goýulýan gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde Sloweniýanyň Prezidentine ýola goýulan hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we ikitaraplaýyn bähbirtli hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmek üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy we diplomatik gepleşikleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellendi hem-de özara peýdaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaý nazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-sloweniýa ikitaraplaýyn komissiýasynyň işiniň möhüm roly beýan edildi.

Iki dostlukly döwletiň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine we giňelmegine uly üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň prezidenti Natasha Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri