DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň milli baýramynyň dabarasyna gatnaşdy

Ilçi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli bu ýurduň Prezidenti Li Je Mýonuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndaky gecirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşandy.

Çärelerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy, bu sebitiň ýadro ýaragyndan azat saklanmagy, taryhy gapma-garşylyklara garamazdan Ýaponiýa bilen goňşy döwlet hökmünde hyzmatdaşlygy ösdürmek, galyberse-de şu ýylyň üçünji çäriýeginde bu ýurtda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk Sammitini (APEC) ýokary taýýarlykly geçirmek babatda koreý tarapynyň görýän taýýarlyk işleri ýaly mowzuklary aýratyn belläp geçdi.

Çäreleriň çäklerinde, Ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýonuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.

Onuň dowamynda Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Döwlet Baştutanyna ýetip gelen baýramçylyk mynasybetli gyzgyn gutlaglary we mähirli salamlary ýetirdi. Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi