DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Irlandiýanyň we Şwesiýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky diplomatik korpusyň duaýeni Atajan Möwlamow Irlandiýa Respublikasynyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Meri Onil hem-de Şwesiýanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi hanym Aleksandra Berg won Linde bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi öz ýurdunyň ilkinji ilçisi hökmünde ýakynda Pakistanyň prezidenti Jenap Asif Ali Zardari ynanç hatyny gowşurandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň ilçisi Yslamabatda ilçi Meri Oniliň işinde üstünlikleri arzuw etdi we bellenilmegi bilen gutlady.

Iki tarap hem pursatdan peýdalanyp sebitdäki syýasy we ykdysady ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen ilçisi hanym Meri Onil bilen sebitdäki möhüm energiýa taslamalary barada maglumat berdi. Irlandiýanyň ilçisi, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sebitdäki ykdysady ösüşe we gülläp ösmegine möhüm goşant goşjak taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Şwesiýanyň ilçisi hanym Aleksandra Berg won Linde bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi myhmana Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, iki tarap sebitdäki we onuň daşyndaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler