DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Günorta Koreýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý Hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak üçin gysga wagtda ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek we uglerod bitaraplygyny hem-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýaşyl energiýa geçişini üpjün etmek babatda meýilnamasy bilen tanyş etdi.

Çäräniň çäklerinde, Ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.

Onuň dowamynda Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Hökümet Baştutanyna mähirli salamlary ýetirip, ony bu wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçi Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigi barada berdi.

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri