DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.

Ulag we energetika ulgamlary häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenip, ulag-üstaşyr we energetika düzümini ösdürmekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Ykdysady gatnaşyklaryny, senagat we energitika hyzmatdaşlygyny, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmekde ulag we üstaşyr geçelgesiniň tutýan orny ýene bir gezek nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi