2023-nji ýylyñ 1-2-nji noýabrynda Türkmenistanyñ Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyñ işgärleri we maşgala agzalary Eýranyñ daşary işler ministri H.Abdullahiýanyñ maşgalasy hanym Abdullahiýanyñ gurnamagynda, bu ministrligiñ Diplomatik klubynda el işleriniň, egin-eşikleriň we iýmitleriň haýyr-sahawat çäresine (festiwalyna) gatnaşdylar.

Agzalan çärä daşary ýurtlaryñ Eýrandaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyñ we halkara guramalarynyñ işgärleri we maşgala agzalary hem gatnaşyp, bu çäreden alnan girdejiler haýyr-sahawat gaznalaryna iberildi.
Agzalan çäre bilen bagly pursatlar EYR-yñ IRNA, TABNAK, ILNA ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem uly orun tapdy.
