DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwalyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-njy iýulynda Ploeşti şäheriniň Medeniýet köşgünde Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan Bangladeş, Hindistan, Indoneziýa, Malaýziýa, Şri-Lanka, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Filippinleriň ilçihanalary bilen bilelikde, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat palatasynyň goldawy bilen guraldy.

Festiwalyň myhmanlarynyň hatarynda ýerli häkimiýetleriň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Prahowanyň ýaşaýjylary we metbugat wekilleri bardy. Açylyş dabarasynda guramaçylar we Prahowa Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy jenap Aurelian Gogulesku çykyş etdiler. Olar medeni gatnaşyklary ösdürmegiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Aziýa ýurtlarynyň milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Türkmen tarapynyň milli köýnekleriň özboluşly nagyşlary bilen döwrebap lybaslaryň sazlaşykly birleşdiren nusgasy tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna sebäp boldy.

Festiwalyň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň ilçileri bilen Prahowa welaýat häkimiýetleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ilçiler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhüm ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Medeni çäreleriň dowamynda milli aýdym-saz çykyşlary boldy. Türkmen tarapy halk sazlary bilen çykyş edip, türkmen halkynyň ruhy we kalbyny görkezdi.

Festiwalyň esasy bölegi medeni sergi boldy. Türkmenistanyň stendinde milli lybaslar, el işleri, halylar, saz gurallary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde, şol sanda rumyn dilindäki eserleri görkezildi.

Ilçihana işgärleri myhmanlara Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, şeýle hem türkmen halkynyň müňýyllyk mirasy we häzirki ösüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Festiwal gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlary bilen tanyşlyk bilen tamamlandy. Türkmen tagamlary myhmanlaryň aýratyn gyzyklanmasyna sebäp boldy.

Bu çäre halklaryň arasyndaky medeni alyş-çalyşygyň we dostlugyň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi