TESWIRLER

Halkara uçar gatnawlary boýunça täze möhlet

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanyň hökümeti ýiti ýokaç keseliniň ýurduň çägine girmegi hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkara howa gatnawlaryny, ýurduň çägindäki otly hem-de awtobus gatnawlaryny, şeýle hem ýurduň raýatlarynyň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň ýurduň döwlet serhedinden girip-çykmagyna girizilen çäklendirmäniň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzadylandygyny habar beripdik.

Her aýyň ahyrynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasy https://turkmenistanairlines.ru internet saýtynda halkara howa gatnawlarynyň ýagdaýy barada yzygiderli habar berilýärdir. Şol garaşylýan habar internet sahypasynda ýerleşdirildi. Şol habarda bellenilişi ýaly, “COVID-19” koronawirus pandemiýasy sebäpli “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ähli halkara gatnawlary 2020-nji ýylyň31-nji dekabryna çenli togtadyldy.

Şu aşakdaky ugurlar boýunça ähli gatnawlar ýatyrylýar:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Şeýle hem habarnamada, biletler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabra çenli hereket edýär. Mundan başga-da, ýatyrylan uçuşlardan ýolagçylar bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin biletini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Eger gatnaw bolmaýan bolsa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde puluny yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.

 

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Gyzykly bolup biler!

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri