BILIM

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ADA uniwersitetiniň arasynda wideomaslahat geçirildi

Azerbaýjanyň ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi.

Çärede ADA Uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismaýilzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow we Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow gatnaşdylar.

Duşuşykda iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim ulgamynda bar bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi nygtaldy we bu babatda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hökümetara toparyň ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde hem möhüm rol oýnaýandygy, özara taslamalar we akademiki başlangyçlar arkaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine goşant goşýandygy bellenildi.

Wideokonferensiýada ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamasyna laýyklykda, bilelikdäki akademiki çäreleri geçirmek, özara tejribe alyşmak, ylmy we amaly maslahatlary guramak, leksiýalary we seminarlary geçirmek, mugallymlary we talyplary alyşmak, şeýle hem ylmy neşirler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, ADA uniwersitetinde geçirilen okuwlara Türkmenistanyň diplomatlarynyň we talyplarynyň gatnaşandygy bellenildi we bu babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda şeýle hem bar bolan hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň çäklerinde ylym we bilim ulgamyndaky işleriň geljekki ugurlary barada pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryndaky türkmen talyp ýaşlarynyň üstünlikleri

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär

Bilimde halkara hyzmatdaşlygy: Kembrije okuw sapary

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Biznes Iňlis dili” okuwyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri