JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katara resmi sapar bilen çagyryldy

Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan we hormatly Prezidentimiziň adyndan 2022-nji ýylda Katarda Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen gutlady hem-de bu sport baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmeginiň tutuş yslam dünýäsi üçin ähmiýetli bolandygyny belledi.

Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe Doha şäherine saparynyň hem-de oýunlaryň birine baryp görmeginiň Katar Döwletine bildirilýän belent hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Şeýle-de munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine uly itergi berdi.

Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine gelip görmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär