DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanmaga taýýar

Oleg Kononenko dünýäde kosmos giňişliginde 1000 gün bolan ilkinji adam boldy. Işjeň rus kosmonawtlarynyň iň tejribelisi, “Roskosmos” kosmonawt toparynyň serkerdesi we TASS-nyň ýörite habarçysy Oleg Kononenko 23-nji sentýabrda Halkara kosmos bekedinden (MKS) Ýere dolanar.
Rus kosmonawtynyň bäşinji orbital ekspedisiýasy umumylykda bir ýyldan gowrak — 375 gün dowam edýär.
Oleg Kononenko 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda bäşinji kosmos uçuşyny amala aşyrdy. “MKS-70/71” ekspedisiýasynyň serkerdesi “Soýuz MS-24” kosmos gämisi bilen uçuşyny amala aşyrdy. 4-nji fewralda Kononenko umumylykda orbita ýagdaýynda bolmakda täze dünýä rekordyna eýe boldy diýip, TASS habar berýär.
Rus kosmonawty ýer orbitasynda jemi 1000 gün bolmakda dünýäde ilkinji adam boldy. Bu ekspedisiýa aýratynlykda Halkara kosmos bekedi maksatnamasynda iň uzaga çeken ekspedisiýa bolmagy bilen hem täsin bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar