SPORT

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Dubaýda okuw-türgenleşigini geçirer

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 3 ― 13-nji sentýabr aralygynda baş tälimçi Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada Futbol Federasiýasy habar berdi.

Baş tälimçi bu ýygnanyşyk üçin futzalçylaryň 18-sini milli ýygynda çagyrdy. Olaryň üçüsi derwezeçi, galanlary bolsa meýdandaky oýunçylardyr.

Dubaý şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer. Türkmen ýygyndysynyň 5-nji sentýabrdaky garşydaşy Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bolan Saud Arabystanynyň ýygyndysydyr.

Şol günlerde dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde bu şäherde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barjak Fransiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ýakup Öwezowyň şägirtleri bilen 7-nji sentýabrda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.  9-njy sentýabrda bolsa türkmen ýygyndysynyň ýerli futzal toparlarynyň biri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler