29-njy awgustda badalga beriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) Milletler kubogy ugrundaky ýaryş türkmen futbolçylary üçin halkara tejribäni artdyrmagyň nobatdaky ädimi bolar. Baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz sebit ýaryşyna gatnaşmak üçin Özbegistana gitdi. Türkmen futbolçylary şu günler türgenleşiklerini Daşkent şäherinde alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Milletler kubogy MAFA tarapyndan guralýan ýaryşlaryň iň ulusydyr. Başgaça aýdylanda, ol Merkezi Aziýanyň çempiony derejesine eýe. Ýöne her ýyl bolşy ýaly, bu ýaryşa yklymyň beýleki sebitlerinden hem käbir milli ýygyndylar gatnaşmaga isleg bildirýärler. Şu gezekki ýaryşda hem Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň we Täjigistanyň ýygyndylaryndan daşary, Hindistanyň we Omanyň ýygyndylary hem güýç synanyşar.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlaryndan 24 futbolçy Milletler kubogy üçin milli ýygynda çagyryldy. Olaryň 19-synyň şu ýyl AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyna mynasyp bolan «Arkadag» toparyna wekilçilik edýändigini aýratyn nygtamak gerek. Yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş eden toparyň futbolçylaryny milli ýygynda çagyrmak ýeňşe bolan ynamy artdyrmak bilen birlikde, ýaşyl meýdanda sazlaşykly oýny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Milli ýygyndymyza çagyrylan futbolçylaryň hatarynda «Ahal», «Altyn asyr» we «Şagadam» toparlarynyň hem wekilleri bar.
Sebit ýaryşynda türkmen futbolçylary «A» toparça wekilçilik edýärler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň üçüsi hem Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. Röwşen Meredowyň şägirtleri sebit ýaryşyna 30-njy awgust güni «Jar» stadionynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk arkaly girişerler. Ildeşlerimiziň 2-nji sentýabrdaky bäsdeşleri ýer eýeleri — Özbegistanyň ýygyndysy bolar. Futbolçylarymyz toparçalaýyn duşuşyklaryny 5-nji sentýabrda Daşkent şäherindäki Olimpiýa stadionynda Omanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk bilen jemlärler. Toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar umumy ýaryşyň baýrakly orunlary üçin göreşi dowam etdirerler.
Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, milli ýygyndymyzyň geçirjek duşuşyklary futbolçylarymyz üçin halkara tejribäniň ýene bir mekdebine öwrüler. Öňümizdäki güýzde futbol toparlarymyzyň üçüsi yklym ýaryşlaryna gatnaşýarlar. «Arkadag» we «Ahal» toparlary AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynda ýaryşmaga hukuk gazanan bolsa, Aşgabadyň «Altyn asyr» topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna wekilçilik eder.